29-njy
noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň
Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir
orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda
sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.
Iş
maslahatynda ýurdumyzyň sebitlerini, paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, paýtagtymyzda
abadançylyk we döwrebaplaşdyrylyş işleriniň alnyp barlyşy, şeýle hem öňde
boljak şanly seneleri mynasyp derejede garşylamak bilen baglanyşykly meselelere
garaldy.