31-nji
ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we
welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny
geçirdi. Onda paýtagtymyzy we welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek,
ýazky ekiş möwsümine taýýarlygyň barşy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
geçirilişi bilen bagly wezipelere hem-de döwletimiziň durmuşyna degişli käbir
wajyp meselelere garaldy.