Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan
Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa we ähli tatar halkyna Bütindünýä
tatar kongresiniň döredilmeginiň 30 ýyllygy hem-de onuň VIII gurultaýynyň öz
işine üstünlikli başlamagy mynasybetli gutlaglaryny iberdi.
Hormatly
Prezidentimiz Prezident Rustam Minnihanowa berk jan saglyk, abadançylyk we täze
üstünlikleri, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň halkyna bolsa
mundan beýläk-de gülläp ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.