12-nji
maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň
we Russiýanyň Parlamentara forumyna hem-de zenanlaryň dialogynyň mejlisine
gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy
Walentina Matwiýenkony kabul etdi.
Myhman
bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza
Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara, netijeli hyzmatdaşlyga rus
tarapynyň üýtgewsiz ygrarlylygyny tassyklan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti
Wladimir Putiniň hem-de Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň şeýle
ähmiýetli duşuşyklaryň geçirilmegi mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy
arzuwlaryny ýetirdi.