9-njy
dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň
Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi.
Myhman
duşuşmaga wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli
Liderimize Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň aýdan mähirli
sözlerini we tutuş türkmen halkyna abadançylyk, gülläp ösüş baradaky
arzuwlaryny ýetirdi. Igor Babuşkiniň belleýşi ýaly, Russiýada ýokary ykdysady
görkezijileri gazanýan Türkmenistan bilen däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň,
köpýyllyk hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidilmegine aýratyn ähmiýet
berilýär.