23-nji awgustda irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
dikuçarda paýtagtymyz boýunça uçuşy amala aşyryp, alnyp barylýan işler hem-de
Aşgabadyň durmuş düzümini mundan beýläk-de toplumlaýyn kämilleşdirmegiň
taslamalary bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz uçuşynyň dowamynda şäheriň täze gurluşyklaryndaky
işleriň ýagdaýyna, paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürmäge
gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilişine, şäheriň ekologik
ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen görülýän çärelere aýratyn üns berdi.
Tebigy we şäher gurşawynyň sazlaşykly utgaşmagy, ýaşyl zolaklaryň
döredilmegi paýtagtymyzyň ekologik abadançylygy, adamlaryň ýaşamagy, oňaýly
dynç almagy üçin zerur şertleriň döredilmegi bilen bir hatarda, milli taryhymyzda
öçmejek yz goýan şahsyýetleri hatyralamak meselelerine örän jogapkärçilikli
hem-de toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi
we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.