Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti
Arif Alwa, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Imran Hana, şeýle
hem ýurduň doganlyk halkyna milli baýram – Pakistanyň güni mynasybetli mähirli
gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmenistan
bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar deňhukuklylyk,
birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine
esaslanyp, yzygiderli kämilleşdirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda
belledi hem-de bu gatnaşyklaryň biziň doganlyk halklarymyzy dürli ugurlarda
möhüm ösüşlere ýetirmekde uly mümkinçilikleri döretjekdigine ynam bildirdi.
Biz
Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky dostlukly
gatnaşyklara ýokary baha berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow belledi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklarynyň
bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna
ynam bildirdi.
Şu
ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Arif Alwa hem-de
Premýer-ministr Imran Hana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we
abadançylyk, Pakistanyň doganlyk halkyna bolsa öňe gitmegi hem-de rowaçlyk
arzuw etdi.