16-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Irfan Ahmedi kabul etdi, ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Pakistanyň Prezidenti Arif Alwiniň mähirli salamyny ýetirdi. Ol netijeli türkmen-pakistan gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryna salam aýdyp, diplomaty jogapkärli wezipe bellenilmegi bilen gutlady hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalaryň hem-de düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.
Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda ykdysadyýetiň köp pudaklarynda, ilkinji nobatda bolsa, ýangyç-energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň giň meseleleri boýunça düýpli pikir alşyldy.