milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetiniň agzalaryny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetiniň agzalaryny kabul etdi
26.08.2022 586 Habarlar

26-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilýän türkmen-özbek geňeşmelerine gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji W.Norowy we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasat meseleleri boýunça ýörite wekili A.Kamilowy kabul etdi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda özara bähbitli gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça ösdürmek üçin uly geljegiň we giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň iýul aýynda Özbegistana bolan döwlet saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň çäklerinde türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň geljekki ugurlary duşuşygyň esasy meseleleriniň birine öwrüldi.