25-nji
dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz pudagynyň meseleleri boýunça orunbasary
M.Meredowyň hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýewiň
gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, ýangyç-energetika toplumynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, dünýäde bar bolan häzirki çylşyrymly ýagdaýlary nazara alyp, önümçiligi ösdürmegiň esasy ugurlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.