21-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady topluma gözegçilik edýän orunbasary G.Müşşikowyň, maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowyň hem-de Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Onuň dowamynda ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynyň taýýarlanylyşy hakyndaky hasabatlar diňlenildi.