26-njy
ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň maliýe-ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän
orunbasarynyň hem-de maliýe we ykdysadyýet ministriniň, bank düzümleriniň
ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň gün tertibine
ýurdumyzyň bank ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen
baglanyşykly möhüm meseleler girizildi.
Döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzyň ykdysadyýet we maliýe toplumynyň düzümleriniň
ýolbaşçylary bilen bu ulgamy ösdürmegiň möhüm ugurlaryny hem-de öňde durýan
wezipeleri ýerine ýetirmekde ähmiýet berilmeli meseleleri ara alyp
maslahatlaşdy.