Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň
adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Kuba Respublikasynyň Prezidenti Migel Mario
Dias-Kanel Bermudese we ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Kuba Respublikasynyň
arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs
ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Biziň
döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga,
deňhukuklylyga esaslanýar diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belledi we
Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma
bildirýändigini nygtady hem-de biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň
bilelikdäki tagallalaryň netijesinde halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de
ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Şu
ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Prezident Migel Mario Dias-Kanel Bermudese tüýs ýürekden berk jan saglyk,
bagtyýarlyk we abadançylyk, Kubanyň halkyna bolsa öňe gitmegi hem-de rowaçlyk
arzuw etdi.