3-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luçano Gallini kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.
Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza öz ýurdunyň Prezidentiniň we Premýer-ministriniň mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň golaýlaşyp gelýän şanly 25 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny, tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we italiýaly diplomat ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alşyp, söwda-ykdysady ulgamda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny nygtadylar.