24-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň energetika ministri M.Artykowyň hem-de
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýolbaşçysy B.Öwezowyň gatnaşmagynda iş
maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy
2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny»
üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlary we bu babatda öňde durýan wezipeler ara
alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatda ilki bilen energetika ministri
M.Artykow häzirki döwürde ýurdumyzyň energetikasynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak
boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren
tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Soňra «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýolbaşçysy
B.Öwezow garamagyndaky düzümleriň işini kämilleşdirmek, oňa iň häzirki zaman
tejribelerini we kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler
barada hasabat berdi. Halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek we pudagyň eksport
kuwwatyny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.