Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz
adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we Döwlet Geňeşiniň
Premýeri Li Kesýana hem-de ýurduň ähli dostlukly halkyna Hytaý Halk Respublikasynyň
jar edilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny
iberdi.
Döwlet Baştutanymyz hytaý halkynyň
zähmetiniň, parasatly we öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde geçen
döwrüň içinde Hytaý Halk Respublikasynyň durmuşyň ähli ugurlarynda uly
üstünlikleri gazanandygyny, täze eýýamda özboluşly hytaý aýratynlygy mahsus
bolan sosializm baradaky taglymatlaryň halky «Hytaý arzuwyny» durmuşa
geçirmegiň bähbidine täze üstünliklere ruhlandyrýandygyny nygtady.