26-njy
aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen
gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň agzasy, goranmak ministri Weý
Fenhäni kabul etdi.
Myhman
wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, HHR-iň
Başlygy Si Szinpiniň we Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýanyň hormatly
Prezidentimize hem-de tutuş türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky
arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Hytaýda dürli ugurlar boýunça sazlaşykly
ösüş ýoluna düşen Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan
beýläk-de berkidilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Mümkinçilikden peýdalanyp,
HHR-iň Döwlet Geňeşiniň agzasy, goranmak ministri döwlet Baştutanymyzy
Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen gutlady we jogapkärli işinde
uly üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň
dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we myhman häzirki döwrüň
ýagdaýlaryny nazara alyp, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly
mümkinçilikleri bolan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlary boýunça
pikir alyşdylar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň resminamalaryň ägirt uly toplumyny
özünde jemleýän şertnama-hukuk binýadynyň döredilmegi köpugurly
mümkinçilikleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda ygtybarly binýat bolup hyzmat
edýär. Şunda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga gönükdirilen
ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine möhüm ähmiýet berildi.