Türkmenistanyň
Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine
ýurduň günorta sebitinde ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu
betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny
iberdi.
Türkmenistanyň
Prezidenti şu agyr pursatda ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle
hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna
ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.