10-njy noýabrda Türkmenistanyň
Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly
Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdirligini
döretmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, ol ýerlerde
gulluk itlerini saklamak üçin niýetlenen binanyň, şeýle hem bu düzümlere
degişli athananyň gurluşyklarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.