milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky dabaralara gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky dabaralara gatnaşdy
29.09.2022 402 Habarlar

28-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaralara gatnaşdy.

Ýurdumyzyň baş baýramyna gabatlanyp her ýyl geçirilýän at çapyşyklary türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alýan däplerine ygrarlydygyny, döwürleriň we nesilleriň dowamat-dowamlylygyny özünde jemläp, baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýýar.

Baýramçylyk çapyşyklaryna badalga berildi. Yzygiderli esasda geçirilýän şeýle ýaryşlar sportuň bu görnüşiniň abraýynyň artmagyna hem-de oňa ýaşlary çekmäge ýardam berýär. Şu gün ahalteke bedewleri 7 çapyşykda dürli aralyklarda öz okgunlylygyny, ýyndamlygyny görkezdiler. Çekeleşikli bäsleşikler köp sanly tomaşaçylaryň ünsüni çekdi.