milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti «Haldor Topsoe» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti «Haldor Topsoe» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
24.12.2019 735 Habarlar

23-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daniýanyň belli «Haldor Topsoe» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Býorn Stefan Klauzeni kabul etdi.

Jenap Býorn Stefan Klauzen ýurdumyzyň «Haldor Topsoe» kompaniýasynyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridigini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň Prezidentine hyzmatdaşlygy berkitmek işinde berilýän goldaw, hem-de türkmen ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmaga gatnaşmaga döredilýän mümkinçilik üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Myhman Ahal welaýatynda işe girizilen döwrebap senagat toplumynyň – dünýäde ilkinji zawodyň täsin aýratynlyklaryny belläp, bu desganyň Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmekde aýgytly we ajaýyp çözgüt bolandygyny aýtdy. Onda tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa sintetik awtomobil ýangyjy senagat möçberinde öndürilýär.

Şunuň bilen baglylykda, jenap Býorn Stefan Klauzen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şol zawodda önümçiligiň innowasion häsiýetini tassyklaýan halkara güwänamalaryny gowşurdy.

Beýik Britaniýanyň Himiýa inženerleriniň akademiýasy (IChemE) TIGAS (tebigy gazdan sintetiki benziniň alynmagy) tehnologiýasynyň kämilleşdirilendigi üçin ýokary baha berdi.

1922-nji ýylda inžener-himiýaçylar we tehnologlar üçin hünär edarasy hökmünde esaslandyrylan IChemE iri guramanyň güwänamasy «Nebit we gaz 2019» ählumumy nominasiýasynyň ýeňijisine gowşuryldy.

TIGAS tehnologiýasy Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawod üçin «Haldor Topsoe» kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanyldy.

Duşuşykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman biri-birine uzakmöhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.