Hormatly Konstitusion toparyň agzalary!
Siziň bilşiňiz ýaly, geçen, 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň durmuşynda aýratyn möhüm waka, ýagny Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisi bolup geçdi. Şol mejlisde biz ýurdumyzda konstitusion özgertmeleriň täze tapgyryna badalga berdik. Garaşsyz Watanymyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek baradaky başlangyjy öňe sürdük.
Biziň amala aşyrýan özgertmelerimiziň baş maksady jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adama, onuň bähbitlerine hyzmat etjek häkimiýetiň wekilçilikli edaralarynyň, ýagny Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň işini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Şeýle hem kanun çykaryjylyk işini amala aşyrýan edaralaryň iki palataly gurluşyny döretmek, demokratik institutlaryň işini has ýokary derejelere çykarmakdyr.
Bu ugurda biziň öňümizde örän möhüm we jogapkärli wezipeleriň durýandygyny, şol wezipeleriň bolsa döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak üçin zerurdygyny öň hem belläp geçdik. Şunuň bilen baglylykda, biz Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion topary döretdik we geçen ýylyň 4-nji oktýabrynda onuň birinji mejlisini geçirdik.
Şondan bäri Konstitusion toparyň üç mejlisi geçirildi. Onuň birinji mejlisinde toparyň iş meýilnamasy tassyklanyp, agzalarynyň öňünde anyk wezipeler goýuldy. Şeýle hem guramaçylyk meseleleri kesgitlendi. Şonuň ýaly-da, toparyň meýilnamasy boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabatlar diňlendi we alnyp barlan işlere seljerme geçirilip, taýýarlanan taslama köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edildi.
Halkymyzdan, syýasy partiýalardan we jemgyýetçilik birleşiklerinden, dürli pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan we ýerli edara-guramalardan gelýän köp sanly teklipleri öwrenmek, seljermek we umumylaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň Mejlisinde döredilen iş topary hem anyk işleri durmuşa geçirdi.
Türkmenistanyň Mejlisi ýurdumyzyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky Konstitusion kanunyň deslapky taslamasy taýýarlananda Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen ysnyşykly işledi. Ýurdumyzyň raýatlaryndan, syýasy partiýalaryndan we jemgyýetçilik birleşiklerinden, häkimiýetiň ýerli edaralaryndan gelip gowuşýan teklipleri kabul etmek, seljermek we umumylaşdyrmak işini sazlaşykly alyp bardy.
Bu işler Mejlisiň deputatlaryndan, degişli ministrliklerden, pudak we ylmy edaralardan, okuw mekdeplerinden, syýasy partiýalardan hem-de jemgyýetçilik birleşiklerinden we raýatlardan gelip gowşan teklipleri nazara almak bilen geçirildi. Konstitusion toparyň ýanynda döredilen iş toparynyň meýilnamasyna laýyklykda, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Konstitusion kanunyň taslamasy taýýarlandy. Biz bu barada Konstitusion toparyň üçünji mejlisinde jikme-jik durup geçdik.
Toparyň alyp baran işleriniň netijesinde taýýarlanan taslamany köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edip, Türkmenistanyň raýatlaryny doly habarly etmek barada karara geldik.
Geçirilen bu işleri nazara alyp, biz şu gün ýurdumyzyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek hem-de «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Konstitusion kanunyň deslapky taslamasy bilen bagly esasy meseleleri siziň bilen ara alyp maslahatlaşmagy makul bildik. Bu taslama biziň öňümizde durýan wezipeler esasynda hem-de gelen teklipleri hasaba almak bilen işlenip taýýarlandy.
Hormatly Konstitusion toparyň agzalary!
«Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Konstitusion kanunyň taslamasy halkymyzda uly gyzyklanma döretdi.
Gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň ýanynda döredilen iş toparynyň maglumatlaryna görä, biziň Parlamentimizi Türkmenistanyň Milli Geňeşi diýip atlandyrmak baradaky teklibi goldap, müňlerçe raýatlarymyz maslahatlarda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etdi hem-de öz tekliplerini berdi.
Milli Parlamentiň iki palataly gurluşyny döretmek, onuň palatalaryny Halk Maslahaty we Mejlis diýip atlandyrmak baradaky teklip hem giň goldawa eýe boldy
Hormatly Konstitusion toparyň agzalary!
Parlamentimiziň Halk Maslahaty palatasynyň düzümini emele getirmek boýunça welaýatlardan we Aşgabat şäherinden wekilleriň sany, olary saýlamagyň hem-de bellemegiň tertibi, Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärlere bildirilýän talaplar we olaryň ygtyýarlyk möhleti barada Konstitusion kanunyň taslamasynda beýan edilen kadalaryň doly goldanmagy taslama taýýarlananda raýatlarymyzyň teklipleriniň nazara alnandygynyň subutnamasydyr.
Oňyn halkara tejribe esasynda hem-de welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň ygtyýarlyklaryny giňeltmek, abraýyny ýokarlandyrmak we Halk Maslahatynyň düzümini emele getirmäge hukugy bolan ýerli wekilçilikli edaralar hökmünde jemgyýetde olaryň ornuny berkitmek maksady bilen, Halk Maslahatynyň düzümini emele getirmegiň taslamada beýan edilen tertibini hem köp sanly raýatlar makullap, öz tekliplerini berdiler.
Konstitusion kanunyň taslamasynyň 78-nji maddasynda «Halk Maslahatynyň düzümine welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň mejlislerinde gizlin ses bermek arkaly her welaýatdan we Aşgabat şäherinden saýlanýan sekiz wekil agza bolup girýär. Olary saýlamagyň tertibi kanun bilen kesgitlenilýär.» diýip, has anyk beýan etmek teklip edildi. Biz bu teklibi maksadalaýyk hasaplaýarys.
Şunuň bilen birlikde, bu Kanunyň taslamasynda beýan edilen, şol bir adamyň bir wagtda Milli Parlamentiň iki palatasyna-da saýlanmagyna we işlemegine ýol berilmeýändigi baradaky kadanyň hem mähriban halkymyzyň doly goldawyna mynasyp bolandygyny bellemek isleýärin.
Men bu kadanyň Esasy Kanunymyza girizilmegi ýurdumyzda demokratik başlangyçlary hem-de durmuş adalatlylygyny üpjün etmekde zerur diýip hasap edýärin. Halkymyzyň asyrlaryň synagyndan geçen durmuş adalatlylygy ýörelgesini täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmakda onuň möhüm ähmiýetiniň boljakdygyna ynanýaryn.
Hormatly Konstitusion toparyň agzalary!
Konstitusion kanunyň taslamasynda beýan edilen, Milli Geňeşiň palatalarynyň mejlislerini geçirmegiň, olaryň ygtyýarlyklaryna degişli meseleleriň anyk kadalaryny hem goldap, müňlerçe teklipler geldi. Men bu meseläniň konstitusion kadalarda anyk beýan edilmegi ýurdumyzda parlamentarizmi ösdürmek, netijede bolsa, kanun çykaryjy döwlet edarasynyň işini döwrüň talabyna laýyk ýola goýmak üçin oňaýly şertleri döreder diýip pikir edýärin.
Şunuň bilen birlikde, Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny bellemek, ygtyýarlyklaryny doly aýdyňlaşdyrmak boýunça hem teklipler az bolmady. Şol teklipler esasynda iki belgili 80-nji maddada beýan edilýän Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklarynyň sanawyna «Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny belleýär;» diýen dördünji bendi goşup, muny Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklarynda berkitmek teklip edildi. Biz bu teklipleri hem kabul etsek, maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin.
Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryny bellemek hukugyny bolsa Türkmenistanyň Prezidentine bermek teklip edilýär. Bu düzgünleri Konstitusion kanunyň VI böleginde beýan etsek, dogry bolar diýip hasap edýärin.
Men Konstitusion kanunyň taslamasynda kanunlary kabul etmegiň tertibini anyk kesgitleýän kadalary makullap, mähriban halkymyzdan köp sanly teklipleriň gelip gowşandygyny hem bellemek isleýärin. Sebäbi taslamada beýan edilýän kadalara laýyklykda, Mejlisiň kabul eden kanunlarynyň Halk Maslahatynyň garamagyna makullamak üçin berilmegi, şol kanunlara umumy döwlet bähbitlerini ähli zatdan ýokarda goýmak nukdaýnazaryndan garalýandygyny görkezýär.
Munuň özi döwletimiziň we jemgyýetimiziň bähbitlerine bir-biriniň işini sazlamaga gönükdirilen iki palatanyň utgaşykly işlemegi babatda hem maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin.
Şunuň bilen baglylykda, bir belgili 83-nji maddada gelip gowşan teklipler esasynda «Türkmenistanyň kanuny Halk Maslahaty tarapyndan ret edilen halatynda palatalar tarapyndan ylalaşdyryjy topar döredilip bilner we şondan soň kanun Mejlis tarapyndan gaýtadan seredilmäge degişli bolup durýar.» diýlip beýan edilse, ýerlikli bolar hem-de bu meseläni has aýdyňlaşdyrar.
Hormatly Konstitusion toparyň agzalary!
Konstitusion toparyň şu günki mejlisinde biz döwletimiziň kanun çykaryjy wekilçilikli edarasynyň işini kämilleşdirmek boýunça badalga berlen özgertmeleri durmuşa geçirmek ugrunda alnyp barlan işler baradaky maglumatlary we hasabatlary diňledik.
«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylda Milli Parlamentimiziň iki palataly gurluşynyň döredilmegi bilen bagly Esasy Kanunymyza üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça alnyp barlan işlere mähriban halkymyzyň ýakyndan gatnaşandygyny we bu özgertmeleri giňden goldandygyny kanagatlanmak bilen bellemek isleýärin.
Men ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm taryhy waka bolan kanun çykaryjy wekilçilikli edaranyň işiniň netijeliligini we Milli Parlamentiň ornuny ýokarlandyrmaga gönükdirilen bu işleriň guramaçylykly geçirilmegine işjeň gatnaşan adamlaryň ählisine minnetdarlyk bildirýärin.
«Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Konstitusion kanunyň taslamasy taýýarlananda, döwlet gurluşymyzy mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksatlaryndan, öz milli ösüş ýolumyzda toplan tejribämizden we oňyn halkara tejribeden ugur alyndy. Şoňa görä-de, men Türkmenistanyň Mejlisine şu kanunyň kabul edilmegi bilen bagly, hereket edýän milli kanunçylygymyza seljerme geçirmegi hem-de degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça alyp barýan işlerini dowam etmegi tabşyrýaryn.
Hormatly Konstitusion toparyň agzalary!
Ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň işini döwrebap ýagdaýa getirmek Milli Parlamente türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklaryna wekilçilik etmäge, döwrüň möhüm meselelerini çözmäge, kanunlary işläp taýýarlamakda we durmuşa geçirmekde işleriň ýagdaýyny düýpli gowulandyrmaga ýardam eder. Saýlawçylaryň deputatlar bilen has ysnyşykly gatnaşyklaryny, şeýle hem kanunlaryň we milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine netijeli gözegçiligi ýola goýmak üçin gowy şertleri döreder, Parlamentiň kanun çykaryjylyk işini hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer.
Şeýlelikde, ýurdumyzyň Parlamenti giň borçlary we ygtyýarlyklary bolan umumymilli wekilçilikli edara öwrüler. Bu bolsa döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyny demokratiýalaşdyrmakda möhüm ähmiýetli işler hökmünde taryha girer.
Hormatly Konstitusion toparyň agzalary!
Türkmenistan — biziň ata Watanymyz.
Konstitusiýa — biziň Esasy Kanunymyz.
Konstitusiýamyzda biz jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adam diýip kesgitledik. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir diýip beýan etdik. Bu biziň döwlet syýasatymyzy kesgitleýän esasy kadalardyr. Biziň täze parlament ulgamyna geçmek baradaky başlangyjymyz hem Esasy Kanunymyzda beýan edilen şu kadalardan gelip çykýar.
Konstitusiýamyzda kesgitlän esasy ugurlarymyz boýunça ösen berkarar döwletimizi geljekki nesillere miras galdyrmak biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Biziň şu gün ara alyp maslahatlaşan Konstitusion kanunymyzyň taslamasy boýunça edilen çykyşlarda ýurdumyzyň kanun çykaryjy wekilçilikli edarasynyň iki palataly ulgamyny döretmek barada öňe süren başlangyjymyzy mähriban halkymyzyň doly goldap, amala aşyrylýan konstitusion özgertmelere işjeň gatnaşandygy aýdyň görünýär.
Taslamada ministrliklerden, pudaklaýyn dolandyryş hem-de ylmy edaralardan, jemgyýetçilik birleşiklerinden we raýatlardan gelip gowşan teklipler doly göz öňünde tutulypdyr.
Konstitusion toparyň agzalary we degişli döwlet edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri taryhy ähmiýetli möhüm işleri ýerine ýetirdiler. Alnyp barlan bu işler barada biz Konstitusion toparyň mejlislerinde jikme-jik gürrüň etdik.
Şoňa görä-de, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Konstitusion kanunyň taslamasy boýunça işleri, umuman, tamamlandy diýip hasap etmeli.
Konstitusion kanunyň taslamasy boýunça ýurdumyzyň welaýatlarynda, etraplarynda we şäherlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine gatnaşjak wekiller bilen hem ara alyp maslahatlaşmalary geçirmeli. Soňra ony Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine hödürlemeli we makullanan halatynda Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna bermeli.
Umuman, Konstitusiýamyzy kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işleri Türkmenistanyň raýatlaryna doly ýetirmek boýunça işleri dowam etmeli.
Men Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde geçirilýän konstitusion özgertmeler adamyň we raýatyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kepillendirilen giň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge ýardam eder diýip hasaplaýaryn.
Konstitusion toparyň we onuň ýanynda döredilen iş toparynyň agzalarynyň bolsa öz işlerini mundan beýläk-de sazlaşykly alyp barjakdyklaryna hem-de öňde goýlan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirjekdiklerine berk ynanýaryn.
(Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň 19-njy awgusty)