milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynda sözlän sözi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynda sözlän sözi
30.11.2019 980 Habarlar

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Hormatly wekiliýetleriň agzalary!

Ozaly bilen, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Şawkat Mirziýoýewe myhmansöýerlik, mähirlilik, bilelikde netijeli işlemegimize döredilen şertler üçin minnetdarlyk sözlerini beýan etmäge rugsat ediň.

Şu günki duşuşyk Merkezi Aziýa döwletleriniň hyzmatdaşlygynda nobatdaky möhüm tapgyry alamatlandyrýar, ol sebiti durnukly ösdürmek, biziň ýurtlarymyzyň arasynda özara gatnaşyklaryň mäkäm we täsirli gurallaryny döretmek, sebitiň mynasyp, deňhukukly, gadyrly hyzmatdaş hökmünde dünýä gatnaşyklaryna goşulyşmagynyň durmuşa ukyply nusgalaryny döretmek üçin zerur şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir.

Bu wezipeler örän möhüm, hemmämiz hem-de her birimiz üçin durmuş ähmiýetli bolup, ýokary derejede geçirilýän Konsultatiw duşuşyklaryň şu görnüşiniň diňe özüni ödemek bilen çäklenmän, eýsem, ýokary derejede zerur we wajyp bolup durýar. Şu gün biz, aslyýetinde, öz öňümizde umumy maksatlary goýýarys, Siziň belleýşiňiz ýaly, wagtymyzy yzygiderli deňeşdirip, pikir alyşmak mümkinçiligini döredýäris hem-de bir alada ýa-da düşünişmezlik ýüze çyksa, bu barada gös-göni we açyk aýdyp bilýäris.

Elbetde, netijelilik, bilelikdäki döredijilik işini, doganlyk halklaryň hem-de döwletleriň umumylygyna we ykballarynyň aýry däldigine hem-de zerur netijeleri bilelikde gazanmak hyjuwynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklarda kesgitleýji ýagdaýdygyna tüýs ýürekden ynanýaryn.

Biz öňümizde uly maksatlary goýup, sebitimizde mäkäm hem-de uzakmöhletleýin parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň şolary amala aşyrmagyň esasy şerti bolup durýandygyna düşünýäris. Soňky döwürde bu ugurda köp işleriň geçirilýändigini aýtmak gerek.

Bäş döwletiň DIM-niň ýolbaşçylarynyň derejesinde yzygiderli geçirilýän syýasy geňeşmeleriň gurallary işläp ugrady. Şolarda sebitiň gün tertibiniň anyk meseleleri, ilkinji nobatda, howpsuzlyk bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Geňeşmeleriň şu görnüşi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Birleşen Milletler Guramasynyň we Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň çäklerindäki has ýakyn hem-de utgaşykly hereketleri bilen berkidilip bilner diýip hasaplaýaryn.

Şol düzümlerde bäştaraplaýyn geňeşmeleriň salym pursatlyk däl-de, eýsem, yzygiderli, anyk kesgitlenen ugurlary bolan görnüşlerini ýola goýmak zerurdyr. Biziň wekiliýetlerimiziň umumy sebit ähmiýetli möhüm meseleler boýunça aýdyň ýol görkezijilerine, ylalaşylan ugurlara eýe bolmagy hem-de şolary maksadalaýyk gorap, birek-biregiň goldawyna daýanyp hem-de beýleki döwletleriň hataryndan pikirdeşlerini çekip bilmegi gerek.

Sebit howpsuzlygy ýaly möhüm meselede biziň ýurtlarymyz hemişe jebis çykyş edip, öz öýünde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek babatda jogapkärçiligini hem-de berk ynamyny görkezmelidir.

Bu bolsa häzir, terrorçylygyň, ekstremizmiň, guramaçylykly jenaýatyň öňküsi ýaly dünýä ýüzüne hem-de käbir döwletleriň we sebitleriň abadançylygyna howp salýan döwründe has-da möhüm ýagdaýdyr.

Şunuň bilen baglylykda, Owganystanda ylalaşdyrmak işlerine goldaw bermek boýunça bilelikdäki işler aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Men Türkmenistanyň bu babatda garaýşyny tassyklaýaryn, ol barada biz ozal hem ençeme gezek beýan edipdik. Bitarap döwlet we ýakyn goňşy hökmünde biziň ýurdumyz Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly, syýasy usul arkaly kadalaşdyrmaga gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň arasynda gös-göni gatnaşyklary ýola goýmak üçin zerur bolan ähli şertleri döretmäge taýýardyr. Gepleşikleri geçirmek usulynyň taýsyzdygyna ynanýarys. Durmuşyň görkezişi ýaly, bu ýerde güýç ulanmak netijesiz bolup, onuň geljegi ýokdur.

Owganystanyň gatnaşmagynda energetika, ulag we kommunikasiýa ýaly möhüm pudaklarda iri düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagy Owganystanyň syýasy durnuklylygynyň, ykdysady we durmuş taýdan gaýtadan dikeldilmeginiň, sebit hem-de dünýä-hojalyk işlerine üstünlikli goşulyşmagynyň möhüm şerti bolup durýar.

Türkmenistan bu ugurda yzygiderli iş alyp barýar, mälim bolşy ýaly, birnäçe iri sebit taslamalarynyň başyny başlady, şolaryň birnäçesi üstünlikli tamamlandy. Biz Owganystanyň, beýleki goňşy ýurtlaryň gatnaşmagynda ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagy boýunça işleri dowam etmegi maksat edinýäris hem-de şol işlere Merkezi Aziýa döwletleriniň goşulmagyny goldaýarys.

Owgan meselesiniň gerimini we düýplüligini, doganlyk halkyň umyt-arzuwlaryny bizden, goňşulardan başga hiç kim gowy bilmeýär hem-de duýmaýar. Owganystany goldamak işinde aýratyn orun eýelemeli wezipe hut biziň öňümizde durýar. Munuň üçin biziň ýurtlarymyza Owganystana hemmetaraplaýyn kömek bermek wezipesini soňa goýman, halkara gün tertibiniň möhüm meselesi hökmünde BMG-de hyzmatdaş döwletler, Sekretariat, ýöriteleşdirilen düzümler bilen yzygiderli işlemek zerurdyr.

Hormatly duşuşyga gatnaşyjylar!

Daşarky ykdysady we syýasy merkezler tarapyndan Merkezi Aziýa bolan gyzyklanma ýylsaýyn artýar. Munuň özi tebigy ýagdaýdyr. Biziň sebitimiz dünýä ähmiýetli energetika, ulag-üstaşyr merkezleriniň biriniň derejesinde çalt özgerýär.

Bu ýerde ägirt uly tebigy serişdeleriň bolmagy, çäk taýdan amatly ýerleşmeginiň bähbitleri uly maýalary goýmak, iri möçberli taslamalary amala aşyrmak üçin özüne çekiji anyk ýagdaýdyr. Wagtyň geçmegi bilen, daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary, maýa goýum gaznalary, käbir döwletler üçin Merkezi Aziýanyň ykdysady taýdan özüne çekijiliginiň diňe artjakdygyna ynanýaryn.

Biziň wezipämiz sebitiň sagdyn ykdysady bäsdeşligiň häzirki zaman talaplaryna kybap gelmegi, deňhukukly hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň hukuklarynda dünýä hojalyk işleriniň aýrylmaz bölegine öwrülmegi üçin mümkin bolan hemme işleri etmekden ybaratdyr. Munuň üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitde häzirki zaman energetika we ulag-üstaşyr düzümini döretmekde öňdebaryjy orny eýelemegi öz üstüne almagy gerek diýip hasaplaýaryn. Bu maksada ýetmek üçin iri daşary ýurt maýadarlaryny çekmek zerurdyr.

Şunuň bilen sebitiň döwletlerine daşarky hyzmatdaşlar bilen oýlanyşykly, bähbitleriň we geljegiň umumylygyna esaslanan uzakmöhletli strategiki hyzmatdaşlygy ýola goýmak möhümdir.

Soňky wagtda 5+ görnüşindäki özara hereketleriň örän işjeňleşendigi diýseň guwandyrýar. Şunda Merkezi Aziýa döwletleriniň bäşisiniň Ýewropa Bileleşigi, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Russiýa, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň görnüşleri göz öňünde tutulýar. Şeýle görnüşli hyzmatdaşlyga dünýäniň beýleki öňdebaryjy ýurtlary tarapyndan hem uly gyzyklanma bar. Şunuň ýaly duşuşyklaryň gün tertibi örän giň hem-de köp dürli bolýar, ýöne şolarda ykdysadyýet, energetika, ulag we logistika baradaky meseleler hemişe esasy orun eýeleýär.

Şunuň bilen baglylykda, agzalan ugurlar boýunça hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmegi, şol gatnaşyklary maksadalaýyk alyp barmagy, olara sebitiň düzümlerine uzakmöhletleýin maýa goýmagyň bähbitlerini we geljekki mümkinçiliklerini subut etmegi, halkara ýöriteleşdirilen düzümleriň gurallaryny netijeli ulanmak zerur diýip hasaplaýaryn.

Türkmenistanda şu ýylyň awgustynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynda senagat, ulag, energetika ugurlary möhüm meseleler hökmünde öňe sürüldi. Gündogar-Günbatar, Aziýa — Ýewropa ugurlary boýunça ulag-üstaşyr we energetika hyzmatdaşlygynyň strategiki düzümini kemala getirmekde Hazar sebitiniň hem-de serhetdeş zolaklaryň, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýanyň möhüm orun eýeleýändigi bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, dünýä ummanyna göni çykalgasy bolmadyk sebitiň döwletleriniň Ýewropanyň, Russiýanyň, Kawkazyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň bazarlaryna öz önümlerini çykarmagy üçin Gündogar Hazaryň port düzüminiň kuwwatyny has doly peýdalanmak gerek. Türkmenistan munuň üçin amatly şertlerde öz port desgalaryny hödürlemäge taýýardyr.

Sebitiň içindäki ulag gatnawlarynyň mümkinçilikleri doly amala aşyrylmady. Elbetde, bu ulgamda eýýäm birnäçe taslamalary bilelikde amala aşyrmagyň mysallary bar. Ýöne Merkezi Aziýany häzirki zamanyň utgaşykly, ýokary netijeli ulag halkasyna öwürmek boýunça yzygiderli işleriň alnyp barylýandygy barada aýtmak heniz ir. Bu taslamalar bilen has içgin meşgullanmak, ulag-üstaşyr geçelgelerini we logistikany ösdürmek boýunça tagallalarymyzy birleşdirmek zerurdyr.

Häzir innowasion ösüş, ýokary tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk özara gatnaşyklaryň iň ýokary derejede möhüm meselesi bolup durýar. Munuň özi häzirki zamanyň ählumumy ösüşiniň barşy bilen talap edilýär. Şunda innowasiýa netijeliligiň hem-de bäsdeşlige ukyplylygyň nyşany bolup durýar. Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisinde innowasion ösüşiň mümkinçilikleriniň, ajaýyp ylmy mekdepleriň, öňdebaryjy tehnologiki işläp taýýarlamalaryň bardygyna ynanýaryn. Bu ugurda tagallalary birleşdirmeli, sebitiň ösdürilmegi üçin biziň ýurtlarymyzyň ykdysadyýetlerine aýdyň ýüze çykýan innowasion häsiýet, sanly derejede ölçeg bermeli.

Umuman, söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika, innowasion ugurlarda sebit hyzmatdaşlygyna maksada gönükdirilen we ulgamlaýyn häsiýet bermek maksady bilen, bäştaraplaýyn Işewürler geňeşini döretmek barada oýlanyşmagy teklip edýärin.

Şunuň ýaly düzüm ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça sebitiň döwletleriniň birleşdirilen strategiýasyny kemala getirmek babatda esasy dolandyryş merkeziň wezipesini öz üstüne alyp bilerdi, hökümetlere degişli teklipler bilen çykyp biler, daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygyň maýa goýum gün tertibi boýunça anyk teklipleri taýýarlap biler.

Hormatly duşuşyga gatnaşyjylar!

Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşiniň üpjün edilmegi, biziň ýurtlarymyzyň ilatynyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy sebitdäki ekologiýa wezipeleriniň çözülmegi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr, şolaryň hatarynda Aral deňzini halas etmek esasy meseleleriň biridir. Geçen ýylyň awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň sammitinde biziň bu ugurdaky tagallalarymyz jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy, belli bir ylalaşyklar gazanyldy.

Şeýlelikde, gaznanyň işini kämilleşdirmek, netijeliligini ýokarlandyrmak ugrunda möhüm ädimler ädildi. Bu ugurda hereket etmegi dowam etmeli, halkara jemgyýetçiliginiň, ilkinji nobatda, BMG-niň, onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanmaly.

Şunuň bilen baglylykda, Aral deňzi sebiti hem-de Aral meselesini Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň aýratyn ugruna çykarmak üçin BMG-niň ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hakynda başlangyjy ilerletmek gerek. Munuň üçin geçen ýylyň aprelinde hem-de şu ýylyň maý aýynda kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnamasy oňat esas bolup durýar.

Araly halas etmek diňe bir anyk häsiýetli wezipe däldir. Bu taryhyň hem-de hakydanyň öňünde biziň borjumyzdyr. Aral deňziniň kenarlarynda köp babatda Merkezi Aziýa siwilizasiýasy, biziň ýakynlygymyz kemala geldi. Şonuň üçin Aralyň geljegini gaýdyp bermek üçin ähli çäreleri görmegiň zerurdygyna ynanýaryn.

Suw serişdelerini gorap saklamak we peýdalanmak ýaly biziň ýurtlarymyz üçin örän möhüm mesele barada gysgajyk aýdyp geçmek isleýärin. Umumy dünýägaraýşyň çäklerinde, her bir jogapkär döwletiň borjy hökmünde suw serişdelerine deň we adalatly elýeterliligi üpjün etmek ýörelgelerinde tagallalary birleşdirmeli diýip hasaplaýaryn. Şu esasda ikinji derejeli, ýerli bähbitler öz ornuny uzakmöhletleýin geljek üçin hereket etmegiň ýeke-täk strategiýasyny işläp taýýarlamaga we onuň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de umumy sebitiň maksatlaryna düşünilmegine bermelidir.

Şunda Türkmenistanyň eýeleýän ýörelgesi bellidir. Biz suwdan peýdalanmak meselesine garamagy we ony çözmegi halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň, özara hormat goýmagyň we sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini göz öňünde tutmagyň esasynda hem-de ýöriteleşdirilen halkara guramalaryň gatnaşmagynda amala aşyrylmaly diýip hasaplaýarys.

Hormatly duşuşyga gatnaşyjylar!

Biz XXI asyrda Merkezi Aziýanyň mynasyp orun eýelemegini üpjün etmäge gönükdirilen möhüm syýasy, ykdysady, tehnologiki, ekologiýa wezipelerini çözmek bilen, ösüşiň umumy binýadyna daýanýarys. Şol binýat biziň halklarymyzyň arasynda asyrlaryň dowamynda özara gatnaşyklaryň aýratyn, köp babatda täsin görnüşini kemala getirdi. Ol medeniýetiň, däpleriň, gymmatlyklaryň hem-de ahlak kadalarynyň umumylygyny we ýakynlygyny özünde jemleýär. Munuň özi ata-babalarymyzdan bize miras galan örän uly gymmatlykdyr. Biz ony aýawly saklaýarys hem-de häzirki günde dowam edýäris, öz maksat-niýetlerimizi we hereketlerimizi şuňa kybap getirýäris.

Häzir biziň medeniýetimiz we taryhymyz döwletara gatnaşyklaryny berkidýär, adamlaryň arasyndaky ýakynlygyň möhüm ýagdaýy bolup durýar. Giň ynsanperwer gatnaşyklara itergi berip, medeni hyzmatdaşlygy ösdürip, biz halklarymyz üçin hoşniýetlilik, özara düşünişmek hem-de birek-birege mähremlilik däpleriniň dowamatlylygyny üpjün edýäris.

Şu işde sebitiň ýurtlarynyň döredijilik intelligensiýasy möhüm orun eýelemelidir, hut şolar ulgamlaýyn we yzygiderli esasda umumy sebit medeni gatnaşyklary ösdürmek üçin ýagdaýlary döretmek başlangyjyny öz üstüne alyp biler. Ony Merkezi Aziýanyň medeni gatnaşyklarynyň forumy diýip atlandyryp bileris.

Onuň wezipesi, biziň pikirimizçe, ýurtlarymyzyň medeni birleşikleriniň toplumlaýyn, köptaraply gatnaşyklaryny ýola goýmakdan, Merkezi Aziýanyň halklarynyň baý ruhy-taryhy mirasyny, edebiýat, sungat, kinematografiýa ulgamlarynda gazanylýan häzirki zaman üstünlikleri wagyz etmekden, ýaşlaryň giň gatnaşyklaryny höweslendirmekden ybarat bolup biler.

Hormatly Konsultatiw duşuşygyna gatnaşyjylar!

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň ähli döwletleri bilen, doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga pugta eýerýär. Biz syýasat hem-de howpsuzlyk, ykdysadyýet we söwda, ekologiýa, ylym, medeniýet hem-de bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygymyzyň mümkinçiligini we geljegini aýdyň görýäris. Biz umumy maksatlar bilen birleşendiris, şol maksatlary amala aşyrmaga tarap yzygiderli hereket edýäris. Şu günki duşuşygyň munuň üçin täze we has täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynanýaryn.

Daşkent, 2019-njy ýylyň 29-njy noýabry