Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow
ýurdumyzyň bank ulgamynyň işgärlerini we ähli halkyny Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ykdysady ösüşleriniň we ajaýyp üstünlikleriniň
aýdyň nyşany bolan Türkmenistanyň milli pul birliginiň — manadyň dolanyşyga
girizilmeginiň 32 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Döwlet Baştutanymyzyň
Gutlagynda nygtalyşy ýaly, milli pulumyzyň dolanyşyga girizilmegi
ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, kadaly pul dolanyşygynyň üpjün edilmegi,
ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy hem-de banklaryň
ykdysadyýetimiziň pudaklaryna gönükdirýän karzlarynyň möçberiniň artdyrylmagy
üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bank
ulgamy çalt depginlerde ösýän ulgamlaryň birine öwrüldi. Oňa döwrebap sanly
tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly maliýe we ykdysadyýet ulgamynyň işiniň
tizligi artdyrylýar, edilýän hyzmatlaryň gerimi giňeldilýär hem-de netijeliligi
we hili gowulandyrylýar. Milli manadyň ykdysadyýetde dolanyşygy yzygiderli
kämilleşýär, täze pul dolanyşygynyň esasynda ykdysadyýetde täze önümçilikleriň
sany artýar. Ilatyň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak ugrunda netijeli işler
alnyp barylýar. Bank ulgamynyň işgärleriniň hünär derejesi yzygiderli kämilleşdirilýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň jemi içerki
önümiň jan başyna düşýän möçberi babatda dünýäde ýokary girdejili ýurtlaryň
ortaça derejesine ýetendigi hem ýurdumyzda amala aşyrylýan pul-karz,
býujet-salgyt, nyrh emele getiriş we maýa goýum syýasatynyň netijelidiginiň
aýdyň görkezijisidir. Kabul edilýän milli we döwlet maksatnamalarymyzyň işjeň
durmuşa geçirilmegi halkara giňişlikde-de öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň
durnukly ösüşine halkara guramalar tarapyndan oňyn baha berilýär. Muňa «Fitch
Ratings» reýting agentligi we beýleki abraýly halkara guramalar tarapyndan
ýurdumyza kesgitlenen derejeler hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, milli manadyň hümmetini berkitmek boýunça geçirilen özgertmeler durnukly pul dolanyşygyny hem-de ykdysady ösüşi üpjün etdi. Geljekde-de ýurdumyzyň abraýly halkara guramalaryň ykdysady görkezijileri boýunça dünýäniň ösýän döwletleriniň sanawynda mynasyp orun almagy üçin ähli tagallalary ederis. Bu durmuş-ykdysady strategiýamyzyň baş maksady bolup durýar.