Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly
ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň
on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar —
оktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 17-si kabul edildi. Mundan
başga-da, jenaýat, arbitraž, raýat we jenaýat iş ýörediş, maşgala, zähmet
gatnaşyklary, salgytlar, administratiw önümçilik, awtomobil ulagy, migrasiýa,
içeri işler edaralary, gümrük meseleleri bilen baglanyşykly hereket edýän käbir
kanunçylyk namalaryna üýtgetmelerdir goşmaçalar girizildi. Şu döwürde Mejlisiň
kararlarynyň 18-si kabul edildi.
Mejlisde daşary döwletleriň Türkmenistandaky Adatdan
daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň 9-syndan ynanç hatlary kabul edildi, dünýä
ýurtlarynyň parlamentleriniň, diplomatik wekilhanalaryň wekilleri bilen
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça duşuşyklaryň 55-si geçirildi.
Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek,
döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça halkara
guramalar bilen bilelikde guralan maslahatlaryň 97-sine gatnaşdylar. Kanun
çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Mejlisiň wekilleriniň daşary
ýurtlara iş saparlarynyň 34-si guraldy.
Hökümet mejlisinde Mejlisiň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky
milli parlamentiň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna saparynyň netijeleri
barada-da maglumat berildi. Parlamentara hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny
berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisi bilen Russiýa Federasiýasynyň
Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda
Ylalaşyga gol çekildi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylygyny
yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz bu ugurda Mejlisiň alyp barýan işlerini netijeli dowam etdirmegiň
zerurdygyna ünsi çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
H.Geldimyradow, ilki bilen, hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman
Arkadagymyzy Türkmenistanyň milli pul birliginiň — manadyň dolanyşyga
girizilmeginiň 32 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Soňra wise-premýer şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynyň
deslapky makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime deň boldy, şol sanda
ösüş depgini senagat pudagynda 1,7 göterime, gurluşykda 8,1 göterime,
ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,4 göterime, söwdada 9,7 göterime, oba hojalygynda
5,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,3 göterime deň boldy. 2024-nji ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 10,1 göterim artyp,
ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Hasabat
döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 13 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa
9,2 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň on aýynyň deslapky jemleri boýunça Döwlet
býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasynyň 100 göterim, çykdajy böleginiň
meýilnamasynyň 96,3 göterim ýerine ýetirilmegine garaşylýar.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet
haky, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 11,9 göterim ýokarlandy. Zähmet
haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda
maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen
düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende,
3,7 göterim artdy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň
çäklerinde ýerine ýetirilen işler baradaky maglumatlar beýan edildi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere toplumyň işini
kämilleşdirmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.
Wise-premýer hasabatyny dowam edip, 2026-njy ýyl üçin
Döwlet býujetiniň taslamasy barada aýtdy. Nygtalyşy ýaly, «Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyndan» ugur alnyp, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň
degişli Kararyna laýyklykda, geljek ýyl üçin baş maliýe meýilnamasynyň,
Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa
goýum Maksatnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen birlikde,
dürli pudaklary, welaýatlary, Aşgabat we Arkadag şäherlerini ösdürmäge
gönükdiriljek maliýe serişdeleriniň möçberleri, Döwlet býujetiniň girdeji
bölegi barada hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin
Döwlet býujetiniň taslamasynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna
iberilýändigini aýtdy we degişli hata gol çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow
ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna
çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek boýunça şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda
ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere geologiýa-gözleg, buraw
işleriniň netijeliligini artdyrmak bilen bagly işlere berk gözegçilik etmegi
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýew gözegçilik edýän toplumynda 2025-nji ýylyň geçen on aýynda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň
geçirilişi barada hasabat berdi.
Häzirki wagtda möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam
edýär. Welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda gögeriş we ösüş suwuny tutmak, pagta hasylyny soňky hanasyna çenli
ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý
zolaklaryny döretmek, bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek maksady bilen, ählihalk
bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek, şeýle hem Hasyl toýy mynasybetli
baýramçylyk çärelerini giňden belläp geçmek boýunça degişli taýýarlyk işleri
geçirilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz wise-premýere önümçiligiň
möçberini artdyrmagy we hilini ýokarlandyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagy,
möwsümleýin oba hojalyk işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda alyp barmagy
dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan şu ýylyň ýanwar — oktýabr
aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan
öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 104,1 göterim
berjaý edildi.
Döwlet Baştutanymyz «Türkmenhimiýa» döwlet konserni
tarapyndan alnyp barylýan işlere berk gözegçilik etmek barada tabşyryklary
berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa
gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň geçen on aýynda alnyp barlan işleriň
netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere
taryhy-medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek, gorap saklamak babatda alnyp
barylýan işleri dowam etdirmegi, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen,
Medeniýet günlerini, festiwallary geçirmäge-de aýratyn ähmiýet bermegi
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — oktýabr
aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe mekdep okuwçylary,
talyplar halkara ders we internet bäsleşiklerinde jemi 815 medala mynasyp
boldular. Sportuň milli we guşakly alyş göreşi, şeýle-de küşt boýunça 8, 10 we
12 ýaşly türgenleriň arasynda halkara ýaryşlar guramaçylykly geçirildi. Ýurdumyzyň
milli ýygyndy toparlarynyň agzalary halkara ýaryşlara gatnaşyp, jemi 818 medala
mynasyp boldular.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, wise-premýere
«Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda saglygy goraýyş ulgamynyň işini
kämilleşdirip durmagy, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek işini talabalaýyk alyp
barmagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,
daşary işler ministri R.Meredow Daşary işler ministrligi tarapyndan şu ýylyň
ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat
berdi.
Bitarap Watanymyzyň daşary ýurtlar we halkara guramalar
bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen
daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň beren
tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, hasabat döwründe degişli çäreler
görüldi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýer,
daşary işler ministrine dünýä döwletleri bilen syýasy-diplomatik,
söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklary
ösdürmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,
daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna
amala aşyrjak iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda ABŞ-nyň Prezidenti Donald
Trampyň çakylygy esasynda döwlet Baştutanymyzyň ýokary derejedäki ikitaraplaýyn
duşuşygy geçirmek we «Merkezi Aziýa — ABŞ» sammitine gatnaşmak maksady bilen
Waşington şäherine boljak iş saparyna taýýarlyk görülýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistan
bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejede
ösdürilýändigini belledi. «Waşingtonda geçiriljek sammit bolsa ýurtlarymyzyň
arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge ýardam eder» diýip,
döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýer, daşary işler ministrine Amerikanyň
Birleşen Ştatlaryna boljak iş saparyna taýýarlyk görmek babatda degişli
tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew
gözegçilik edýän düzümlerinde 2025-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine
ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, wise-premýere
ýolagçy gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberini artdyrmak üçin zerur
çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen
işleriň netijeleriniň Garaşsyz Watanymyzyň üstünlikli ösýändigini
görkezýändigini belledi. «Biziň alyp barýan syýasatymyzyň netijesinde ata
Watanymyzy ösdürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa
geçirilýär. Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär.
Önümçilik pudaklary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Täze, döwrebap kärhanalary
gurmaga we bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmaga uly möçberde maýa goýumlar
gönükdirilýär» diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz hasabat döwründe jemi içerki önümiň
ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygyny kanagatlanma bilen belledi.
Nebitgaz, söwda, ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, oba hojalyk pudagynda netijeli
işler durmuşa geçirilýär. Ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, şeýle hem
medeniýet ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär. Daşary syýasatymyz
parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk
kadalaryna berk eýermek esasynda amala aşyrylýar. Şeýle hem häzirki wagtda täze
senagat desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş we saglyk merkezleriniň,
mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň gurluşygy dowam edýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň
agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça ýylyň
şygarynyň yglan edilýändigini we nyşanyň kabul edilýändigini aýtdy. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýüzlenip,
deputatlaryň halkymyz bilen maslahatlaşyp, täze, 2026-njy ýyla at bermek hem-de
onuň nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipleri taýýarlamalydygyna ünsi
çekdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.