27-nji oktaýbrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň hem-de «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2021» atly XXVI halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Tatneft» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Maslahatyň barşynda nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, ýurdumyzyň känlerinde nebitiň çykarylyşyny artdyrmagyň meseleleri, şeýle hem «Tatneft» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegi, onuň dünýäniň energetika bazarlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmagy ugur edinýän bilelikdäki taslamanyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.