milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti geljek ýedi ýylda döwlet býujetiniň agramly bölegini durmuş ulgamyny maliýeleşdirmek üçin sarp ediljekdigini belledi
Türkmenistanyň Prezidenti geljek ýedi ýylda döwlet býujetiniň agramly bölegini durmuş ulgamyny maliýeleşdirmek üçin sarp ediljekdigini belledi
24.09.2022 335 Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet maslahatynda eden çykyşynda geljek ýedi ýylda döwlet býujetiniň agramly bölegini durmuş ulgamyny maliýeleşdirmek üçin sarp ediljekdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, mähriban halkymyzyň joşgunly we tutanýerli zähmeti bilen, jemgyýetimizde we ykdysadyýetimizde ýetilen belent sepgitler täze ösüşlere badalga berýär. Şoňa görä-de, 2022–2028-nji ýyllarda Döwlet býujetiniň serişdelerini durmuş-ykdysady ösüş strategiýamyzy durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryna, ykdysadyýetimiziň innowasion ösüşini üpjün etmäge gönükdireris.

«Geljek ýedi ýylda 278,9 milliard manatdan gowrak maýa goýumlaryny özleşdirip, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny has-da pugtalandyrarys. Bu döwürde zähmet haklarynyň möçberlerini 1,8 esse artdyrarys. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda 30 müňe golaý goşmaça iş orunlaryny dörederis. Adam başyna düşýän ýaşaýyş jaýlarynyň umumy meýdanyny 102,2% artdyrarys. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 40-syny, orta mekdepleriň 54-sini, täze 4 sany ýokary hünär bilim edarasyny, 10 sany döwrebap hassahanany, 7 sany medeniýet öýüni, şol sanda 500-den gowrak täze önümçilik we durmuş maksatly binalary we desgalary gurarys», – diýip, döwlet Baştutanymyz aýratyn üns çekdi.