12-nji
fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýurdunyň
hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana gelen Gazagystan
Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýary kabul
etdi.
Söhbetdeşligiň
barşynda milli Liderimiz hem-de myhman söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň
geljegi barada pikir alyşdylar hem-de 2020-nji ýyl bilen deňeşdireniňde, geçen
ýyl iki ýurduň arasyndaky haryt dolanşygynyň iki esse artandygyny, şunda ony
mundan beýläk-de giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny
kanagatlanma bilen bellediler.
Söhbetdeşler
söwda-ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmegiň möhümdigine ünsi çekip, bar bolan
mümkinçilikleri durmuşa geçirmegiň, özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini
artdyrmagyň, maýa goýum işjeňligini höweslendirmegiň, Türkmenistanyň hem-de
Gazagystanyň işewürler toparlarynyň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygy ýola
goýmagyň zerurdygyny nygtadylar.