18-nji
sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan
Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly
ilçisi Erkebulan Sapiýewi kabul etdi, ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny
gowşurdy.
Duşuşykda döwlet Baştutanymyz hem-de doly ygtyýarly wekil birek-birege hormat goýmak we goldamak ýörelgelerinde guralýan, şeýle hem uly mümkinçiliklere eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurtlarymyzyň möhüm, strategik hyzmatdaşlar bolup durýandygy, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugta kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň döredilmeginiň hem-de bilelikdäki hökümetara toparyň alyp barýan işleriniň munuň subutnamasydygy nygtaldy.