Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Watanymyzyň mukaddes
Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ösüşleriniň,
üstünlikleriniň hem-de abadançylygynyň nyşanyna öwrülen Garaşsyzlyk binasyna
gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Munuň özi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ata Watanymyzyň özygtyýarlylygyny
alamatlandyrýan şanly senäniň hormatyna guralýan dabaralaryň ähmiýetini has-da
artdyrdy.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe merdana halkymyz ýurdumyzyň baş
baýramyny — Garaşsyzlyk gününi täze zähmet ýeňişleri we geljege bolan beýik
maksatlar bilen garşylaýar. Garaşsyzlyk baýramy ata-babalarymyzyň özbaşdaklyk
we berkarar döwlet gurmak baradaky arzuwlarynyň hasyl bolmagydyr.
Türkmenistan
Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda syýasy, ykdysady we medeni-durmuş ugurlarynda
ägirt uly ösüşleri gazanyp, bedew bady bilen ösýän, halkara giňişlikde
parahatçylygy, dost-doganlygy pugtalandyrmakda öňe sürýän başlangyçlary bilen
dünýä bileleşiginde uly abraýa eýe bolan döwlete öwrüldi. Gahryman
Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly
Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň abadan we bagtyýar
durmuşynyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolan ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty
has-da ýokarlanýar. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda durmuşa
geçirilýän iri taslamalar munuň aýdyň güwäsidir.
Halkymyzyň
müňýyllyklardan gözbaş alýan parahatçylyk we ynsanperwerlik, ynanyşmak
ýörelgelerine esaslanýan ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasaty dünýä giňişliginde
durnukly ösüşi we abadançylygy üpjün etmekde möhüm orny eýeleýär. Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan
ýurdumyzda ýetilýän belent sepgitler Garaşsyz Watanymyzyň geljeginiň ygtybarly
binýadydyr.
Hormatly
Prezidentimiziň Watanymyzyň baş baýramy mynasybetli halkymyza Gutlagynda
bellenilişi ýaly: «Mizemez berkararlygymyzyň we agzybirligimiziň nyşany bolan
mukaddes Garaşsyzlygymyz biziň baş buýsanjymyzdyr. Garaşsyzlyk milli
döwletliligimiziň sarsmaz binýadydyr, şöhratly geljegimiziň öçmez nurudyr.
Garaşsyzlyk düşünjesinde merdana pederlerimiziň azat, garaşsyz, bagtly durmuş
baradaky iň süýji arzuwlary, Watanymyzyň şanly geçmişi, şu güni hem-de röwşen
geljegi baradaky beýik pelsepeleri jemlenendir. Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz täze şäherlerdir obalary, ajaýyp binalary
gurmak, belent sepgitleri gazanmak, geljegiň uly maksatnamalaryna badalga
bermek bilen, ata-babalarymyzyň arzuwlaryny hakykata öwürýäris hem-de
Garaşsyzlygymyzyň binýadyny has-da pugtalandyrýarys».
Garaşsyzlyk
binasyna gül goýmak dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary,
ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy
edaralaryň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik
wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň
häkimleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş
serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we eneler, talyp ýaşlar,
paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar.
...Ir
bilen döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy Garaşsyzlyk binasynyň ýanyna geldi. Bu
ýerde hormatly Prezidentimizi dabara gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen
garşyladylar.
Soňra
Birleşen harby orkestriň ýerine ýetirmeginde Türkmenistanyň Döwlet senasy
ýaňlandy.
Döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzyň döwlet berkararlygynyň we özygtyýarlylygynyň nyşany bolan
Garaşsyzlyk binasyna gül dessesini goýdy. Hormatly Prezidentimiziň göreldesine
eýerip, beýleki dabara gatnaşyjylar hem gül desselerini goýdular.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda döwlet Baştutanymyz: «Garaşsyz,
hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň abraýyny belende galdyrmak,
Watanymyzy, halkymyzy söýmek hem-de guwanmak biziň her birimiziň borjumyzdyr.
Garaşsyzlygymyz we hemişelik Bitaraplygymyz, bagtyýar we abadan durmuşymyz üçin
örän tutanýerlilik bilen zähmet çekmelidiris. Öňde goýlan täze wezipeleri
hem-de belent maksatlary agzybirlikde amala aşyrmalydyrys» diýip nygtady.
Dabaraly
çäre tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňa
gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Watanymyzyň
Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli
künjeklerinde ýaýbaňlandyryldy.