Türkmenistanyň
Prezidenti Serdar Berdimuhamedow jenap Emmanuel Makrona Fransiýa
Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli ýürekden
gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
«Biz
Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara
ýokary baha berýäris we olaryň geljekde iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan
beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýarys» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow öz hatynda belledi.
Şu
mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Emmanuel Makrona tüýs
ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, täze başlangyçlarynda üstünlik arzuw
etdi.