14-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Izabel Gineli kabul etdi.
Diplomat milli Liderimize ynanç hatyny gowşuryp, wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen däp bolan dostluk ýörelgelerini hem-de netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge berilýän uly ähmiýetini nygtaýan mähirli sözlerini beýan etdi.
Söhbetdeşler iki ýurduň döwletara gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmegi özara maksat edinýändiklerini tassyklap, mundan beýläk hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Esasy ugurlar hökmünde ýangyç-energetika ulgamy, söwda-ykdysady pudagy, aragatnaşyk, ekologiýa, suw hojalygy, şähergurluşygy we beýlekiler agzaldy.