Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň
adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn
Haçaturýana we Premýer-ministri Nikol Paşinýana, ýurduň dostlukly halkyna
Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden
gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet
Baştutanymyz Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Ermenistan Respublikasynyň
syýasy, ykdysady, durmuş ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanandygyny belläp,
ýurtlarymyzyň özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan
döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ygrarly bolmagynyň iki
halkyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine ynam bildirdi.
Hormatly
Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Waagn Haçaturýana
hem-de Premýer-ministr Nikol Paşinýana tüýs ýürekden berk jan saglyk,
bagtyýarlyk, abadançylyk, Ermenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş,
rowaçlyk arzuw etdi.