Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana we
Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýana Ýerewan şäherindäki
“Surmalu” söwda merkezinde bolup geçen partlamanyň adam pidalaryna we şikes
ýetmelerine getirendigi zerarly çuňňur gynanç hatyny iberdi.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň
halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan, şu agyr pursatda
gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we
medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky
arzuwlaryny aýtdy.