Şu
gün baýramçylyk at çapyşygynyň geçirilýän pursatlarynda hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli
dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen «Daewoo Engineering &
Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň prezidenti Li Kan-Soky kabul etdi.
Işewür
wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy
ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de baýramçylyk
dabaralarynyň, paýtagtymyz Aşgabadyň gözel keşbiniň özünde uly täsirleri
galdyrandygyny belledi. Şeýle hem myhman koreý-türkmen gatnaşyklary barada
aýdyp, hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet
saparynyň, onuň çäklerinde gatnaşan «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy»
ilkinji sammitiniň möhüm ähmiýetini belledi.
Döwlet
Baştutanymyz Li Kan-Soky mähirli mübärekläp, ilki bilen, «Daewoo Engineering
& Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň prezidenti wezipesine bellenmegi bilen
gutlady hem-de onuň ýurdumyza amala aşyrýan saparynyň ikitaraplaýyn
gatnaşyklary has-da ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzda Koreýa Respublikasy bilen gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn
ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak
möhletleýin strategik häsiýete eýedir. Döwletara gatnaşyklar deňhukuklylyk,
özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda işjeň ösdürilýär.
Nygtalyşy
ýaly, türkmen-koreý ykdysady gatnaşyklaryna koreý kompaniýalary uly goşant
goşýarlar. Olar ýurdumyzyň gazhimiýa senagatynda iri taslamalaryň durmuşa
geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar.
Li
Kan-Sok ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna bildirilen ýokary ynam üçin döwlet
Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Duşuşygyň
ahyrynda hormatly Prezidentimiz «Daewoo Engineering & Construction Co.,
Ltd.» kompaniýasynyň prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.