7-nji
fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe
Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly
söhbetdeşlik boldy.
Milli
Liderimiz dostlukly döwletiň Baştutanyny mähirli mübärekläp, Rejep Taýyp
Ärdoganyň we onuň maşgalasynyň koronawirus ýokanjy bilen keselländigi baradaky
habary uly gynanç duýgusy bilen kabul edendigini belledi.
Türk
Lideri tüýs ýürekden çykýan duýgudaşlyk sözleri hem-de hoşniýetli arzuwlary
üçin türkmen doganyna hoşallyk bildirip, Türkiýäniň we Türkmenistanyň
halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezdigine berk ynam
bildirdi.