milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik
23.12.1899 288 Habarlar

22-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde Russiýa Federasiýasy bilen netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berýändigi nygtaldy. Şunda ýokary döwlet we Hökümet derejelerindäki ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen barha ösdürilýän hyzmatdaşlygyň netijelidigi bellenildi.

Döwlet Baştutanlary köpugurly türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň aýratyn orun eýeleýändigini bellediler. Onuň işjeňleşdirilmegine bilelikdäki hökümetara toparyň netijeli işi hem ýardam berýär. Taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassyklap, onuň iki dostlukly ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.