22-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň
arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Iki ýurduň Liderleri söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk
meselelerine degip geçip, oba hojalygy, elektroenergetika, nebitgaz toplumy,
himiýa senagaty ýaly pudaklarda depginli ösüşi kanagatlanma bilen nygtadylar.
Şunuň bilen birlikde, işewür toparlaryň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň
wajypdygyna üns çekildi. Şeýle-de söhbetdeşligiň dowamynda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistan
bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryň
ösdürilmegine goşýan uly şahsy goşandyny aýratyn belledi.