Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan
Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
geçirildi.
Özbegistanyň
Prezidenti döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk
jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, türkmen halkynyň abadançylygynyň, rowaçlygynyň
bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Dostlukly goňşy ýurduň Baştutany pursatdan peýdalanyp, iki ýurduň arasyndaky
dost-doganlyga, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan gatnaşyklaryň
pugtalandyrylmagyna ägirt uly goşant goşýan türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny
ýetirmegi hormatly Prezidentimizden haýyş etdi.
Hormatly
Prezidentimiz gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip,
Türkmenistanyň Özbegistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýändigini hem-de
ýakyn goňşy we ygtybarly hyzmatdaş ýurt hökmünde hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyga
möhüm ähmiýet berýändigini belledi.
Döwlet
Baştutanymyz häzirki wagtda hoşniýetli goňşuçylyga, dostluga, özara goldaw
bermäge esaslanýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň işjeň ösdürilýändigini, onuň
özara ynanyşmagyň, düşünişmegiň ýokary derejesini görkezýändigini aýtdy hem-de
pursatdan peýdalanyp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe Türkmenistan bilen
Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy
ösdürmäge goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Nygtalyşy
ýaly, Türkmenistan bilen Özbegistan diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem,
halkara guramalaryň çäklerinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Abraýly
guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän halkara başlangyçlaryň we teklipleriň özara
goldanylmagy munuň aýdyň beýanydyr. Yzygiderli geçirilýän ýokary derejedäki
duşuşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berýär. Şunuň
bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň oktýabr aýynyň birinji
ongünlüginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birnäçe möhüm çäreleriň, şol
sanda 8-nji oktýabrda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň
döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň, 9-njy oktýabrda bolsa GDA-nyň
döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň geçirilmeginiň
meýilleşdirilýändigini aýdyp, bu ýokary derejeli forumlara Prezident Şawkat
Mirziýoýewiň gatnaşmagynyň halkara çäreleriň ähmiýetini has-da artdyrjakdygyny
belledi.
Özbegistanyň
Prezidenti geçiriljek sammitleriň sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdaky
goşandyna ünsi çekip, ýokary derejeli forumlara gatnaşjakdygyny ýene-de bir
gezek tassyklady.
Telefon
arkaly söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasyndaky
hyzmatdaşlykda söwda-ykdysady gatnaşyklara möhüm orun degişlidir. Ikitaraplaýyn
haryt dolanyşygy yzygiderli artýar, ýangyç-energetika, ulag-logistika, oba
hojalyk ulgamlarynda hyzmatdaşlyk giňeldilýär. Şunuň bilen bir hatarda,
parlamentara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigi, ylym-bilim ulgamyndaky
hyzmatdaşlygyň ilerledilýändigi bellenildi.
Telefon
arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew iki ýurduň arasyndaky
strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyny tassyklap,
birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri,
Türkmenistan bilen Özbegistanyň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk,
abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdiler.