27-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Malaýziýanyň Premýer-ministri Muhiddin Ýassiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Milli Liderimiz we Malaýziýanyň Hökümetiniň baştutany ilkibaşdan birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek hem-de ynanyşmak ýörelgeleri esasynda guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Muhiddin Ýassine däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga berýän ünsi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Malaýziýanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde Türkmenistanyň ileri tutýan hyzmatdaşlarynyň biridigini belledi.
Söhbetdeşligiň dowamynda ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde netijeli gatnaşyk edýändigi nygtaldy.