11-nji
ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we
Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Lýusia Uaýldy kabul etdi. Ol
döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Duşuşygyň
dowamynda birnäçe ugurlarda, şol sanda syýasy-diplomatik, ykdysady,
medeni-ynsanperwer we ekologik ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge degişli
meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alşyldy. Ýewraziýa yklymynda täze halkara
ulag ugurlaryny döretmek meselesine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen
baglylykda, ählumumy gatnaşyklarda hil taýdan täze ugur – ulag diplomatiýasy
peýda bolýar. BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde şu mesele
boýunça köptaraplaýyn gatnaşyklaryň başyny başlan ýurdumyz bu diplomatiýany
döredijileriň biridir.