22-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda Oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny durmuşa geçirmäge, azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, pudagy sanly ulgama geçirmäge, obasenagat toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dürli görnüşli azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga degişli meselelere garaldy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda Prezident Maksatnamasyndan ugur alnyp, azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada degişli hasabatlary diňledi hem-de öňde durýan wajyp wezipeleri üstünlikli çözmek üçin öwüt-nesihatlaryny berdi.