26-njy
noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan
Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi.
Duşuşygyň
dowamynda döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi hem-de özara bähbitleri,
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan
ugurlarynyň umumylygyny nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
ösdürmek üçin uly geljegiň açylýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda,
hormatly Prezidentimiz we myhman esasy ugurlaryň birnäçesinde, şol sanda
söwda-ykdysady we ýangyç-energetika, ulag ulgamlarynda ýola goýlan netijeli
gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar.