Berkarar
döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gurluşyk, energetika, jemagat
hojalygy we senagat pudaklaryny ösdürmekde, ylmy-tehniki innowasiýalaryň
gazananlaryna esaslanyp, öndürilýän önümleriň we edilýän hyzmatlaryň möçberini
artdyrmakda hem-de täze belentliklere ýetirmekde toplumyň işgärleriniň halal we
tutanýerli zähmetini dabaralandyrmak maksady bilen, karar edýärin:
1.
Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi döretmeli we bu baýramy her
ýylyň 6-njy awgustynda belläp geçmeli.
2.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Türkmenistanyň Energetika
ministrligi, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi,
«Türkmenhimiýa» döwlet konserni hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň
häkimlikleri Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününiň ýokary
derejede hem-de guramaçylykly bellenip geçilmegini üpjün etmeli.
3.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Türkmenistanyň Energetika
ministrligi, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi hem-de
«Türkmenhimiýa» döwlet konserni Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen
bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň
kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly we
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.
Türkmenistanyň
Prezidenti
Gurbanguly
Berdimuhamedow.
Aşgabat
şäheri, 2021-nji ýylyň 24-nji dekabry.