Düýn – 23-nji oktýabrda Söwda-senagat edarasynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň guramagynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2024» atly XXIX halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Şu gezekki çäräniň maksady energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek boýunça sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdan, dünýäniň energetika ulgamyndaky soňky ýörelgelere göz aýlamakdan we Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmekden ybaratdyr.
Bu halkara sergide 70-e golaý kompaniýa Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy. Şolaryň 40-dan gowragy daşary ýurtlardan gatnaşýan kompaniýalardyr. Foruma gatnaşýan wekiliýetleriň düzüminiň ýyl-ýyldan barha giňelmegi dürli ýurtlaryň işewür toparlary tarapyndan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanmanyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2024» atly halkara maslahat günüň ikinji ýarymynda öz işine başlady. Onda birnäçe möhüm meselelere garaldy.