27-nji oktaýbrda Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2021» atly XXVI halkara maslahat öz işine başlady. Maslahat «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» korporasiýasy tarapyndan hem-de «GaffneyCline» britan kompaniýasynyň ýardam bermeginde «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guraldy.