30-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli wajyp meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny has-da ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.