5-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi.
Onda ýubileý ýylynyň 10 aýynda Hökümetiň alyp baran işleriniň jemleri
jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi we hödürlenen resminamalara
seredildi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça gündelik
wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.