4-nji
martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
sanly ulgam arkaly mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen iki aýynda ýurdumyzyň
ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, degişli
ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi hem-de döwlet durmuşyna degişli beýleki
birnäçe möhüm meselelere garaldy.