Düýn – 25-nji maýda
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam
arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli
birnäçe meseleler girizildi.
Ilki bilen,
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny
kämilleşdirmek, milli parlament tarapyndan alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlyk
barada maglumat berdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary
gözegçilik edýän ulgamlarynda öňde duran wezipeleriň durmuşa geçirilişi barada
hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly,
geljek aýda Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Daşky
gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Ylymlar güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň
hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, Gurban baýramy mynasybetli dürli
çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, 2024-nji ýylyň
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmeginiň şanyna
dürli çäreleri, halkara ylmy-amaly maslahatlary, sergileri, aýdym-sazly
dabaralary geçirmek, ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemini
jemlemek göz öňünde tutulýar. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň we
ýetginjekleriň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreler, döredijilik, zehin
bäsleşikleri, sport ýaryşlary guralar. 1-nji iýunda Gurbanguly Berdimuhamedow
adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat
gaznasynyň howandarlyk etmeginde yglan edilen «Biz – Arkadag Serdarly Watanyň
bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşiginiň jemlerini jemlemek we
ýeňijilere baýraklary gowşurmak dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle
hem iýun aýynda Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda çagalaryň tennis
festiwaly geçiriler.
Soňra mejlise
gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy hem-de Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowy şanly seneler bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de berk jan
saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw
etdiler.